Türkmenistanly türgen gyz BAE-de jiu-jistu boýunça geçirilýän ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altyn medal gazandy

20:3317.11.2019
0
41105

Türkmenistanly türgen Saýara Öwezmedowa Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtgaty Abu-Dabide geçirilen jiu-jitsu boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bu üstünligi 48 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu barada «Turkmenportala» Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan habar berildi.

Dünýä çempionatyna 42 döwletden 450-den gowrak türgen gatnaşýar. Türkmenistana bir tälimçi bilen üç türgen wekilçilik edýär. Ýaryş dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň