«Lebap» sement zawody şu ýylyň başyndan bäri 250 müň tonnadan gowrak sementi eksport etdi

17:4017.11.2019
0
3430

2019-njy ýylyň başyndan bäri «Lebap» zawody 250 müň tonnadan gowrak sementi eksporta ugratdy. Kärhana Amyderýanyň sag kenarynda dag-magdan serişdeleriтшň baý mekanynda guruldy, bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyny ep-esli arzanladýar, üznüksiz önümçilige ýardam edýär.

“Altyn asyr: Türkmenistan” resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, 6 ýyl mundan ozal işe girizilen kärhanada içerki we daşarky bazarlarda islegli sementiň portland, sulfata durnukly we tamponaž görnüşleri çykarylýar.

Köýtendag etrabynyň dag-mineral serişdeleriňiň binýadynda taslama kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna bolan ýene bir döwrebap sement zawodyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň