Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal» paýdarlar-telekeçilik banky internet-banking hyzmatyny işe girizýär

17:2317.11.2019
0
2369

«Rysgal» Paýdarlar-telekeçilik banky sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini özleşdirýär we uzak aralykdan bank hyzmatlary ulgamyny ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýar. Häzirki wagtda hukuk taraplary we telekeçiler üçin internet-banking hyzmatyny işe girizmeklige enjamlaýyn taýýarlyk işleri tamamlandy.

Bankyň degişli hünärmenleriniň habar bermegine görä, «Rysgal» PTB müşderilerine uzak aralykdan müşderiniň şahsyýetini köpugurly anyklamak arkaly öz serişdelerini dolandyrmaga we haçaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik döredýär. Özü-de ony gije-gündiziň islendik wagty internete birigip bilýän islendik enjamdan amala aşyryp bolýar. Munuň özi bank hyzmatlarynyň, şeýle hem hukuk taraplara hyzmatyň elýeterliligini ýokarlandyrar, nagt däl pul dolanşygyny çaltlandyrar.

«Rysgal» bankyň müşderileri SMS habar beriş hyzmatyny goşup ýa-da aýryp, hasaplaşygyň göçürmesini elektron poçta arkaly alyp, dürli hyzmatlar üçin tölegleri geçirip, ykjam we öý telefonlaryna pul goýup, bergilerini üzüp, şeýle hem pul serişdelerini kartdan karta geçirip bilerler.

Mundan başga-da, bank «Rysgal Pay» elektron gapjyk hyzmatyny işe girizdi. «QR-code» töleg ulgamy we elektron gapjyk ykjam enjamdan islendik tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini şahamçalaryň ählisine ornaşdyryp, olary bütewi bir ulgama birleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň