Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew tälimçilik işini tamamlamaga ýakyn

13:4917.11.2019
0
25269

Türkmenistanly futbol tälimçisi ýakyn wagtda öz profesional karýerasyny tamamlap biler diýip, rus neşirleri habar berýär.

67 ýaşly hünärmen häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnhanowyň teklibi bilen, ýurtda çagalar we ýetginjekler futbolyny ösdürmek baradaky taslama ýolbaşçylyk edýär. Ol häzir Russiýanyň hiç bir kluby bilen karýerasyny dowam etdirerli görünmeýär. Tälimçiniň «Soçi» topary bilen işleşip biljekdigi baradaky habarlar hem esassyzlygyna galdy.

Gurban Berdiýew Türkmenistanda amala aşyrylýan şeýle mazmunly taslamanyň hem ýolbaşçylarynyň biri. Şu ýylyň awgust ― sentýabr aýlarynda Mary, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda iş saparlarynda bolan hünärmen ýerlerdäki ýagdaýy öwrendi. Bu saparlaryň esasy maksady bolsa çagalar we ýetginjekler futbolyny ýurduň sebitlerinden ösdürip başlamakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň