Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun, Son Hyn Min we Makato Hasebe ýylyň iň gowy aziýaly futbolçy saýlanmaga dalaşgär

11:5017.11.2019
0
4394

«Zenidiň» türkmen asylly eýranly hüjümçisi Serdar Azmun ýylyň jemleri boýunça «Aziýanyň iň gowy futbolçysy» diýen ada dalaşgär görkezilen üç futbolçynyň biri boldy. Bu barada AFK-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Eýranly türkmeniň bu at ugrundaky bäsdeşleri «Tottehhemiň» koreýaly ýarym goragçysy Son Jyn Min we «Aýntrahtyň» ýaponiýaly futbolçysy Makato Hasebedir. Ýeňiji 2-nji dekabrda Gonkongda geçiriljek dabarada yglan ediler.

2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Serdar Azmun «Zenitiň» düzmüinde 37 duşuşyga gatnaşyp, olarda 21 gezek tapawutlady, 11 goluň bolsa asisstini berdi. Onuň Eýranyň milli ýygyndysyndaky orny hem, hemişe bolşy ýaly, juda ýokarydyr.

27 ýaşly Son Hyn Min şu ýyl «Tottehhemiň» hatarynda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çenli baryp ýetdi. 35 ýaşly makato Hasebe bolsa «Aýntraht» bilen Ýewropa ligasynyň ýarym finalyna çenli üstünlikli çykyş etdi. Şeýle hem ol bu ýaryşyň simwoliki ýygyndysyna girizildi.

Iň gowy aziýaly futbolça niýetlenen ýörite baýrak 2012-nji ýyldan bäri yzygiderli gowşurulyp gelinýär. Bu ada Hasebe bir, Son Hyn Min bolsa iki gezek mynasyp boldy. Şu ýyl almagy başaraýsa, Serdar Azmun ilkinji gezek ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň