Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DHÇMB-de umumy bahasy ABŞ-nyň 48 million dollaryndan gowrak bolan geleşikler baglaşyldy

23:1916.11.2019
0
2704
Türkmenistanyň DHÇMB-de umumy bahasy ABŞ-nyň 48 million dollaryndan gowrak bolan geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy ― diýip, TDH habar berýär.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýeden gelen işewürler tehniki kükürde («Türkmengaz» DK), russiýaly telekeçiler bolsa Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilene isleg bildirdiler.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplügi, gysga süýümli pagta ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 48 million 265 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler jemi bahasy 922 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 7 million 644 müň manatlyk bolan ýokary dykyzlykly polietileni («Türkmengaz» DK) satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň