Aşgabatda geçirilen «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň medeni syýasatyň ýokary mekdebi we ynsanperwer ulgam boýunça dolandyryş fakultetiniň halkara bölüminiň müdiri Nikolaý SAWIDOW hem gatnaşdy. Myhman serginiň dowamynda türkmen metbugatyna şeýle gürrüň berdi:
— 250 ýyldan gowrak taryhy bolan Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň bu çärä gatnaşmagy ýokary okuw mekdebimiziň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Biz dostlukly Türkmenistanyň bilim edaralary bilen ýakyndan gatnaşyk edýäris. Bu gezekki gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça degişli ylalaşyklaryň baglaşylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň arasynda biziň ýokary okuw mekdebimiz hem bar.
Belki, habarlysyňyz, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk hereket edýär. Bu möhüm resminama Russiýanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekilipdi. Şondan bäri bary-ýogy iki ýyl geçdi, biz indi bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygymyzy has anyk ugurlar boýunça kämilleşdirmegi maksat edinýäris. Şu sebäpli hem bu çäräniň çäklerinde ýurtlarymyzyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýene-de bir resminama gol çekildi. Bu eýýäm gatnaşyklary ösdürmäge bolan uly gyzyklanmalaryň bardygyny alamatlandyrýar. Ylymdyr bilimiň serhedi bolmaýar. Şoňa görä-de, bu ugurda gatnaşyklary näçe kämilleşdirseň, kämilleşdiribermeli. Birek-biregiň alyp barýan işlerini içgin öwrenmek, özara tejribe alyşmak, gazanylan tejribeleri durmuşa geçirmek — ine, ösüşe we kämillige ymtylmagyň netijeli ýoly. Biz Türkmenistan bilen Russiýanyň ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlygynda şunuň maksat edinilýändigine diýseň begenýäris.
Myhmanyň aýdanlary «Türkmenistan» gazetinde getirilýär.