Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň täze wezipelerini kesgitledi

13:5116.11.2019
0
1370

15-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şu ýyl galla we pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyryklarynyň doly ýerine ýetirilendigine garamazdan, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny, bu wezipeleriň çözülişiniň çaltlandyrylmalydygyny belledi.

Birinjiden, bugdaý ekilýän meýdanlaryň möçberini azaldyp, gowaça meýdanlaryny artdyrmak barada karara gelindi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, munuň özi ilatyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gönüden-göni baglydyr. Ikinji mesele — oba hojalygynda işewürlik üçin oňaýly şertleri döretmeli hem-de döwletiň ornuny azaltmaly. Üçünji mesele — tebigy serişdelerimizi rejeli peýdalanmagy üpjün etmeli. Daşky gurşawy goramaga aýratyn üns bermeli.

Dördünji mesele oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçirmek bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk bilimini we ylmyny mundan beýläk-de ösdürmelidigini, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny has-da giňeltmelidigini belledi.

Hormatly Prezident bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeň alyp barmalydygyny ýene-de bir gezek nygtap, şu babatda edilen işleriň netijeleri baradaky degişli hasabaty Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň