Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň on aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

12:5316.11.2019
0
1710

2019-njy ýylyň on aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada 15-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Myradow öz hasabatynda belledi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1 göterim artdy, Daşary söwda dolanyşygy bolsa 4,2 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 15,7 milliard manada we çykdajy bölegi 15,6 milliard manada deň boldy.

Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2018-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,6 göterim ýokarlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň  tabşyrygyna laýyklykda, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşindäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 92-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 35-siniň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalary, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna», hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 10-njy maýyndaky Kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasy barada habar berdi. Resminamalar işlenip taýýarlanylanda, döwlet Baştutanynyň ykdysady strategiýasynyň esasy wezipeleri hem-de maslahatlary göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynda serişdeleriň 75 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyny ösdürmäge hem-de zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyplaryň we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň