Arhiw

Türkmen türgenleri ýylyň 10 aýynda halkara ýaryşlarda 258 medal gazandylar

12:4916.11.2019
0
5094

Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 136-sy, köpçülikleýin sport çäreleriniň bolsa 87-si geçirildi. Türkmen türgenleri geçen döwürde halkara ýaryşlaryň 161-sine gatnaşdylar. Olaryň 28-si dünýä çempionatlary, 35-si Aziýa çempionatlary, 98-si bolsa beýleki dürli ýaryşlardyr. Olarda türgenlerimiz 258 medal gazandylar. Bu medallaryň 85-si altyn, ýene 85-si kümüş, 88-si bürünç medallardyr. Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde sport ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Pürli Agamyradow habar berdi.

Habary diňlän döwlet Baştutany ýurtda Aşgabat Aziadasyndan galan mirasyň ― döwrebap sport toplumlarynyň ulanylyşyna nägilelik bildirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, olar ýeterlik derejede ulanylmaýar diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Şeýle hem Hökümet mejlisinde 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň dowam edýändigi hem-de Türkmenistanda geçiriljek futzal boýunça Aziýa, sambo we welosport boýunça dünýä çempionatlaryna görülýän taýýarlyklar barada habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň