Arhiw

Arslanmyrat Amanow: «Ilkinji minutlardan başlap, KHDR-ny ýeňjekdigimize ynandyk»

22:3815.11.2019
0
8625

Futbol boýunça milli ýygyndymyzyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde KHDR-nyň ýygyndysy bilen geçiren duşuşygynyň iň gowy oýunçysy seçilen kapitan Arslanmyrat Amanow 3;1 hasabynda gazanylan ýeňişden soňra öz pikirlerini beýan etdi.

– Arslanmyrat, siz şu gün özüňizden garaşylan oýny görkezdiňiz. Esasan hem duşuşuykdaky ikinji pökgini geçirmegiňiz has ýakymly boldy.

– Duşuşykdan ozalky metbugat maslahatynda hem aýdyşym ýaly, biziň üçin iň uly zerurlyk janköýerlerimiziň goldawydy. Olar duşuşykda artykmajy bilen goldadylar. Şeýlelikde, biz bu ýeňşi bilelikde gazandyk. Şonuň üçin ilkinji nobatda janköýerlerimize hoşallygymyzy bildirýäris. Biz duşuşygyň ilkinji minutlaryndan ýeňjekdigimize ynanýardyk. Muny başardygam.

– Duşuşygyň başynda türkmen futbolçylary kynçylyk çekdi. Munuň sebäbini nämä baglap bolar?

– Hemişe-de ilkinji minutlar kyn bolýar, iki toparyň hem ünsi aňryçäk derejede, iki tarap hem berk goranýar. Ylgamaga, okgunly hereket etmäge güýç ýeterlik. Soňra oýunda rahatlyk duýulýar. Şol rahatlykda hem biz öz oýnumyzy orta goýup, garşydaşyň gowşak tarapyny tapdyk we gol geçirdik.

– Sizde duşuşygyň netijesinden dörän nähilidir bir tolgunma barmy?

– Çynymy aýtsam, men ýeňip bilmejekdigimiz barada ýekeje pursat hem pikir etmedim. Diňe ýeňşe ynandym. Çünki şol ynamy futbolçylarymyzyň gözlerinde-de gördüm. Şeýle ruhy ýagdaý bilen islendik güýçli garşydaşy hem ýeňmek mümkin. Ýeňşe diňe bilelikde ýetmek mümkin.

– Duşuşykda öwrülşik haýsy pursatda bolup geçdi diýip hasaplaýarsyňyz?

– Haçanda, biz ilkinji pökgini geçirenimizde, garşydaş topara rahatsyzlyk aralaşdy. Men oglanlara özümizi ýitirmeli däldigimizi, ähli ünsümizi oýna gönükdirmelidigimizi aýtdym. Eger netijeden sähelçe arkaýynlaşsak, garşydaşyň ýiti we howply hüjümleriniň biri gola öwrülip bilerdi. Şeýlelikde, ikinjini, üçünji hem geçirdik.

– Siz özüňiziň duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilmegiňiz bilen ylalaşýarsyňyzmy?

– Bu meniň üçin täzelik däl. Şu gün hemmeler ajaýyp oýnady. Diňe men däl. Hemme göreşdi, hemme janykdy. Iň soňky güýjümize çenli orta goýduk. Ýeňiş şeýdip gazanyldy.

– Siz nähili pikirde, Şri-Lanka bilen boljak duşuşykdan hem şeýle gowy netije alyp bolarmy?

– Öz görşüňiz ýaly, biz her bir duşuşyga jogapkärçilikli çemeleşýäris. Şu duşuşyga çenli KHDR-ny ýeňip bilmändik, bu gün bolsa başardyk. Her bir duşşyga iň soňky duşuşyk ýaly çykmaly. Watanymyz, maşgalamyz üçin göreşmeli. Diňe şeýdilende ýeňiş gazanyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň