Soňky habarlar

Arhiw

Albina Imamutdinowa: «Kazanyň federal uniwersitetiniň diplomy Türkmenistan tarapyndan ykrar edilýär»

16:3515.11.2019
0
2013

Paýtagtymyzda geçirilen «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem birnäçesinden wekiller gatnaşdy. Şolaryň biri ― Kazanyň federal uniwersitetiniň wekili Albina Imamutdinowa türkmen metbugatyna beren interwýusynda şeýle diýdi:  

— Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklarda ylym we bilim hyzmatdaşlygy aýratyn orun eýeleýär. Bu ugurda biziň ýokary okuw mekdebimiz — Kazan federal uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary bilim ojaklary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Häzirki wagtda biziň ýokary okuw mekdebimizde talyplaryň 44 müňden gowragy bilim alýar. Olaryň 9 müňden köpüsi dünýäniň 100-e golaý ýurdundan bilim almaga gelen talyplardyr. Kazan federal uniwersitetinde okaýan daşary ýurtly talyplaryň 2 müň 900-den gowragynyň türkmenistanly ýaşlardygyny aýtsak, olaryň agramly böleginiň türkmen topragyndan gelen oglan-gyzlardygyny görmek bolýar. Biz muňa diýseň begenýäris. Türkmen talyplarynyň okuwa bolan höwesi aýratyn bellenilmäge mynasyp. Olar yhlasly, erjel, tutanýerli hem-de maksada okgunly. Uniwersitetimizde okaýan türkmen ýaşlarynyň dil taýýarlyklaryna ýokary baha berýäris hem-de biz muny ýurtda alnyp barylýan bilim syýasatynyň aýdyň miwesi diýip hasap edýäris.

Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň ýene-de biri Kazan federal uniwersiteti tarapyndan berlen diplomyň Türkmenistanda tassyklanylýandygydyr. Şoňa görä-de, ýokary okuw mekdebimize okuwa girmek isleýän türkmen ýaşlarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu bolsa bize has ýygjam gatnaşyklary saklamak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biziň uniwersitetimiz bilen Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli ylalaşyklar bar. Şu hili sergilerdir ýarmarkalaryň, ylmyamaly maslahatlaryň geçirilmegi hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gepleşikler geçirmäge giň mümkinçilikler döredýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň