Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: «Talyp sporty» bilen «Migrasiýa» finala bir ädim ýakyn

16:2515.11.2019
0
1034

Şu gün futzal boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Olarda «Talyp sporty» «Daýhanbank», «Migrasiýa» bolsa «Deňizçi» bilen duşuşdy.

Bu duşuşyklaryň ilkinjisinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň talyplar topary «Daýhanbankyň» futzalçylaryny 7:4 hasabynda ýeňdi. «Migrasiýa» bolsa finala çykmagyna garaşylýan «Deňizçiden» 5:1 hasabynda üstün çykdy.

Ýarym finalyň jogap duşuşyklary ertir geçiriler. Kubogyň eýesi bolsa 18-nji noýabrda boljak final duşuşygynda kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň