Olimpiýa lybaslary tanyşdyryldy

21:2214.11.2019
0
24004

Şu gün Aşgabatda açylan «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisinde we maslahatynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2020-nji ýylda Tokioda (Ýaponiýa) geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda geýjek lybasy tanyşdyryldy.

Biziň olimpiýaçylarymyz dünýäniň iň iri sport baýramçylygyna ak-ýaşyl reňkleriň garyşygyndaky, milli bezeglere baý lybaslar bilen gatnaşarlar. Lybasyň döşüniň sag tarapyny Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, çep tarapyny bolsa ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň nyşany bezär. Lybasyň bezeginde onuň sport ruhuny bermegine hem üns berildi.

Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiriljek XXXII Olimpiýa oýunlaryna 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda badalga berler we ol şol ýylyň 9-njy awgustyna çenli dowam eder. 25-nji awgust ― 6-njy sentýabr aralygynda bolsa Paralimpiýa oýunlary geçiriler. Olimpiýa oýunlary Tokio şäherinde ilkinji gezek 1964-nji ýylda geçirilipdi. Günüň dogýan ýurdunyň paýtagty dünýäniň iň meşhur sport baýramçylygyny 56 ýyldan soňra ikinji gezek kabul edýär.

Olimpiýa oýunlary ― 2020-de 11 müň 90 türgen 339 altyn medal üçin sportuň 33 görnüşi boýunça ýaryşar. Şol sanda şu gezekki oýunlarda sportuň bäş görnüşi boýunça ýaryşlar ilkinji gezek geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň