Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Liwan bilen Koreýa Respublikasy deňme-deň oýnady

20:5814.11.2019
0
5296

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama ýaryşlarynyň bäşinji tapgyrynda Beýrutda geçirilen duşuşykda Liwanyň we Koreýa Respublikasynyň futbol ýygyndylary golsuz deňme-deňlik bilen oýnadylar.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň habar bermegine görä, şäherdäki «Kamil Şamun Sports Siti» stadionyndaky bu duşuşyk ýapyk derwezeleriň aňyrsynda geçirildi. Konfederasiýa munuň sebäbini ýurtdaky syýasy ýagdaýlaryň duşuşyga salyp biljek howpundan heder edilmegi bilen bagly diýip düşündirdi.

Şeýlelikde, «H» toparçada indi Koreýa Respublikasynyň 8 utugy bar, olar heniz hem toparçanyň öňbaşçysy. Ikinji, üçünji orunlardaky Liwan bilen KHDR-nyň ýygyndylarynda bolsa bolsa 7 utuk bar. Yzda galan dört duşuşykdan soňra biziň ildeşlerimiz 6 utuk ýygnap bilen bolsa, toparçadaky bäşinji wekilde ― Şri-Lankanyň ýygyndysynda heniz ýeke utuk hem ýok.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň saýlama ýaryşdaky indiki duşuşygy 19-njy noýabrda Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen bolar. Şol gün Liwan Beýrutda KHDR-ny kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň