Soňky habarlar

Arhiw

Mihail Titow Türkmenistanyň futbol ýygyndysyndaky ilkinji goluny geçirdi

20:3114.11.2019
0
11818

22 ýaşly hüjümçi Mihail Titow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň düzüminde ilkinji goluny geçirdi.

Dünýä çempionaty ― 2022-niň KHDR bilen bolan saýlama duşuşygynyň 23-nji minudynda jerime urgusyndan berlen pökgini derwezä dürs gönükdiren hüjümçi Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň taryhda ilkinji gezek bu çylşyrymly garşydaşy ýeňmegine uly goşant goşdy.

Ýeri gelende aýtsak, Mihail Titow milli ýygyndymyzyň hataryndaky ilkinji duşuşuşygyny Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biriniň ― Ýaponiýanyň ýygyndysynyň garşysyna (2019-njy ýylyň ýanwary, Aziýa kubogy) geçiripdi. Milli ýygyndymyzyň 2:3 hasabynda asgyn gelen şol duşuşygyň 15 minudyna gatnaşan hüjümçi ak-ýaşyl köýnekçäni jemi 6 duşuşykda geýdi.

KHDR-nyň ýygyndysy bilen «Köpetdag» stadionynda bolan duşuşykda bolsa biziň futbolçylarymyzyň 3:1 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys. Mihail Titowdan soňra Arslanmyrat Amanow (73-nji minut) bilen Wahyt Orazsähedow hem (88-nji minut) tapawutlandy.

Türkmen futbolçylarynyň gazanan bu ajaýyp üstünligi gysga wagtda  «Матч ТВ», «Sportbox» we «Спорт-Экспресс» ýaly internet sport neşirlerinde hem şöhlelendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň