Soňky habarlar

Arhiw

TKA-nyň Lebap welaýat birleşmesi zähmet bäsleşiginiň ýeňijlerini sylaglady

14:4314.11.2019
0
895

Her ýyl bol­şy ýa­ly, TKA-nyň Lebap we­la­ýat bir­leş­me­si zäh­met bäs­le­şik­le­ri­niň iki­si­ni yg­lan et­di. Ola­ryň bi­ri pag­ta­çy­la­ryň we bu pu­da­ga da­hyl­ly beý­le­ki hü­närmen­le­riň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän bol­sa, ikin­ji­si bol galla ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak bi­len bag­ly­dyr.

«Türkmen gündogary» gazetinde ýazylyşy ýaly, şu ýyl we­la­ýa­tyň eder­men gal­la­çy­la­ry guş­gur­sak dä­nä­niň 350 müň ton­na­sy­ny tab­şy­ryp, döw­let borç­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li ber­jaý et­di­ler. Gaza­ny­lan zäh­met ýeň­şin­de her gek­ta­ryň ha­syl­lylygy­ny 60-70 sent­ne­re çen­li çy­kar­ma­gy ba­şa­ran kären­de­çi­le­riň pa­ýy has ulu­dyr. TKA-nyň we­la­ýat birleşmesiniň yg­lan eden zähmet bäs­le­şi­gin­de gal­la­çy-kä­ren­de­çi­le­riň ara­syn­da bi­rin­ji or­na my­na­syp bo­lan Sa­ýat et­ra­by­nyň «Bere­ket» daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Ogul­jan Me­re­do­wa şu ýyl her gek­ta­ryň ha­syl­ly­ly­gy­ny 78,9 sent­ne­re çen­li ýe­ti­rip, di­ňe bir we­la­ýa­ty bo­ýunça däl, eý­sem, ýurt de­re­je­sin­de-de iň ýo­ka­ry ne­tije­le­riň bi­ri­ni gör­kez­di. Dä­new et­ra­by­nyň «Ýal­kym» daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Şa­se­nem Aý­dogdy­ýe­wa bol­sa her gek­tar­dan 73,90 sent­ner bugdaý tab­şy­ryp, bäs­le­şik­de ikin­ji or­na my­na­syp boldy. Iň ne­ti­je­li kä­ren­de­çi­le­riň üç­lü­gi­ni jem­län Ha­laç et­ra­by­nyň «Ga­ra­mät­ny­ýaz» daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Han­gel­di Mäm­met­gu­ly­ýew bol­sa her gek­tar­dan 69,93 sent­ner gal­la al­dy.

Ýe­tiş­di­ri­len ha­syl­da kom­baýn­çy­la­ryň hem uly pa­ýy bar. Kom­baýn­la­ryň me­hani­za­tor­la­ry­nyň ara­syn­da we­la­ýa­ty­myz bo­ýun­ça şu ýyl­daky orak möw­sü­min­de iň ýo­ka­ry ne­ti­jä­ni Dä­new et­rap teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­sy­nyň kom­baýn­çy­sy Nar­my­rat Jo­ra­ýew gör­kez­di. Ol bir möw­süm­de 2163 ton­na dä­ne ýyg­dy. Ker­ki et­rap teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­sy­nyň kom­baýn­çy­sy Per­man Döw­le­tow möw­süm­dä­ki ne­ti­je­si­ni 1989 ton­na ýe­tir­di. Üçün­ji or­na bol­sa Çär­jew et­ra­by­nyň teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­sy­nyň kom­baýn­çysy Gel­di­my­rat Ba­za­row my­na­syp bol­dy. Tej­ri­be­li kom­baýn­çy möw­süm­de 1606 ton­na gal­la­ny Watan har­ma­ny­na go­şant et­di.

Ge­çen bug­daý ora­gy möw­sü­min­de «Lebapawtou­lag» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň we ýer­ler­dä­ki awtou­lag kär­ha­na­la­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri gi­je-gün­diz­le­ýin zäh­met çek­di­ler. Gal­la çe­ken sü­rü­ji­le­riň ara­synda­ky bäs­le­şik­de bi­rin­ji or­na Türk­me­na­bat­da­ky aw­tou­lag kär­ha­na­sy­nyň sü­rü­ji­si Gaý­gy­syz Gurba­now my­na­syp bol­dy. Kuw­wat­ly «Ka­ma­zyň» sü­rü­ji­si bir möw­süm­de har­man­ha­na­la­ra 24688 ton­na gal­la çe­kip­dir. Ikin­ji or­na my­na­syp bo­lan Ba­ba­jan Tu­ra­ýew bol­sa on­dan ba­ry-ýo­gy 38 ton­na­lyk ne­ti­je bi­len yza gal­dy. «Le­ba­paw­toulag­la­ry» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň sü­rü­ji­si­niň da­şan gal­la­sy 24650 ton­na ýet­di. Onuň kär­de­şi Omar Il­li­ýew erk ed­ýän ulagynda 14410 ton­na gal­la da­şap, üçün­ji or­na my­na­syp bol­dy.

Ha­syl toýunyň öňü­sy­ra­syn­da we­la­ýa­tyň pag­ta­çy­la­ry hem aja­ýyp zäh­met üs­tün­li­gi­ni ga­zandy­lar. Wa­tan har­ma­ny­na 295 müň ton­na­dan hem gow­rak «ak al­tyn» tab­şy­ryl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat birleşmesiniň ge­çi­ren bäs­le­şi­gi­niň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, şu ýyl pagta­çy-kä­ren­de­çi­le­riň ara­syn­da iň go­wy ne­ti­je­le­riň bi­ri­ni Sa­ýat et­ra­byn­dan Ata­my­rat Ba­ba­ku­ly­ýew ga­zan­dy. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si bo­lan kä­ren­de­çi her gek­ta­ryň ha­syl­ly­ly­gy­ny 75,3 sent­ne­re çen­li ýe­tir­di. Çär­jew et­ra­by­nyň «Jeý­hun» daý­han bir­le­şi­gin­den Gül­da­na Pri­mo­wa ikin­ji (63,4 sent­ner), Ho­jam­baz et­ra­by­nyň J.Mäm­me­dow adyndaky daý­han birle­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Nur­my­rat Sö­ýü­now üçün­ji (54,25 sent­ner) orunlara my­na­syp bol­dular.

Kom­baýn­çy­la­ryň ara­syn­da­ky bäs­le­şi­giň ýeňi­ji­si ― Çär­jew et­rap teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­hana­sy­nyň kom­baýn­çy­sy Ba­ba­jan Möw­la­mow bir möw­süm­de ýy­gan 1610 ton­na «ak al­ty­ny» bi­len ýe­ňi­ji­le­riň ker­wen­ba­şy­sy bol­dy. Ha­laç et­ra­by­nyň teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­syn­dan Baý­ram Ahme­dow bol­sa özü­niň kuw­wat­ly kom­baý­ny bi­len 652 ton­na pag­ta ýy­gyp­dyr. Üçün­ji or­na my­na­syp bo­lan dä­new­li me­ha­ni­za­tor Ök­dem Örä­ýe­wiň gör­ke­zen ne­ti­je­si 510 ton­na.

Bir möw­süm­de 20439 ton­na «ak al­tyn» da­şan Türk­me­na­bat­da­ky aw­tou­lag kär­ha­na­sy­nyň sü­rüji­si Azat Hi­di­row sü­rü­ji­le­riň ara­syn­da­ky bäs­le­şigiň ýe­ňi­ji­si bol­dy. Şeý­le hem «Le­ba­paw­tou­lag» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň sü­rü­ji­le­ri Baý­ram Jo­ra­ýew bi­len My­rat Ku­la­now de­giş­li­lik­de 20050 we 18375 ton­na pag­ta da­şap, ikinji we üçün­ji oru­nlara myna­syp bol­du­lar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň