Soňky habarlar

Arhiw

Täjibaý meýdançasynda täze gaz akymy işe girizildi

12:0014.11.2019
0
840

Go­laý­da «Le­bap­gaz­çy­ka­ryş» mü­dir­li­gi­niň hünär­men­le­ri Tä­ji­baý meý­dan­ça­syn­da­ky ikin­ji belgi­li gu­ýu­dan te­bi­gy ga­zy ga­zyp alyp baş­la­dy­lar. Mu­nuň özi bu meý­dan­ça­da baý­lyk ag­ta­ry­jy­lar tara­pyn­dan des­lap­ky de­giş­li göz­leg iş­le­ri­niň ge­çi­rilme­gi, bar­lag gu­ýu­la­ry­nyň ga­zy­lyp, on­dan «ma­wy ýan­gy­jyň» se­na­gat aky­my­nyň alyn­ma­gy ne­ti­je­sinde müm­kin bol­dy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Hä­zir­ki gün­ler­de bu ýer­de bar­lag gu­ýu­la­ry­nyň üçü­si­niň bu­raw­laýyş iş­le­ri üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Ola­ryň bi­rin­de «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let ko­rpo­ra­si­ýa­sy­nyň «Türkmen­ne­bit­gaz­göz­leg» tres­ti­niň «Le­bap­ne­bit­gaz­göz­leg» eks­pe­di­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry joş­gun­ly zäh­met çek­ýär­ler. Olar mö­hüm iş­le­ri bel­le­ni­len möh­le­tin­de ta­mam­la­mak, ýur­du­my­zyň baý­lyk go­ru­nyň üs­tü­ni ýe­tir­mek ug­run­da uly ta­gal­la ed­ýär­ler.

Tä­ze akym bo­ýun­ça bir gi­je-gün­diz­de 400 müň kub metr te­bi­gy gaz ak­dy­ryl­ýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň