Aşgabatda bilim we sport sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň açylyşy boldy

11:0014.11.2019
0
1094

Şu gün Aşgabatda 14-15-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady.

Foruma gatnaşmak üçin dünýäniň köp sanly döwletlerinden Türkmenistana gelen wekiliýetleriň düzüminde daşary ýurtly myhmanlaryň ýüze golaýynyň bolmagy ýurduň halkara sport hereketini we bilimi ösdürmäge saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Şu halkara serginiň we ylmy maslahatyň esasy maksady bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam bermekden hem-de bu babatda wajyp ugurlar bilen tanyşdyrmakdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ilerletmekden hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, sport-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän peýdaly usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bilim we sport ulgamlarynyň gazananlaryny birleşdirýän däp bolan halkara sergi  halkara gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň