Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat gaznasynyň Naýrobide geçirilýän sammitine gatnaşýar

10:4414.11.2019
0
869

12 – 14-nji noýabrda Keniýanyň Naýrobi şäherinde reproduktiw saglyk, gender deňligi we enäniň saglygyny goramak pudagy boýunça üç günlük global sammit geçirilýär. Keniýa we Daniýa Hökümetleri BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde bu Sammitiň guramaçysy bolup çykyş etdiler. 

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, Naýrobide geçirilýän sammite ýokary derejeli wekiller – döwlet baştutanlary, parlament wekilleri, bilermenler hem-de hökümete degişli däl guramalaryň we raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Gylyjowyň ýolbaşylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.    

Forumda türkmen wekiliýeti gender meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň tejribesi bilen paýlaşdylar we ýurdumyzyň reproduktiw saglyga ählumumy elýeterligi üpjün etmek we enäniň saglygyny goramagy kämilleşdirmek, umumy ýetginjeklik bilimini giňeltmek we reproduktiw saglygy ulgamynda habarly bolmak, gender deňligini goldamk we jyns tapawutlylygy boýunça zorluklara garşy çäre görmek, ykdysadyýetiň ösüşini işjeňleşdirmek üçin maglumatlaryň ulanylyşy we durnukly ösüşi gazanmak ugurlarda kabul eden syýasy borçlary barada gürrüň berdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Çagalar gaznasy we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde Reproduktiw saglygy goramak hem-de enäniň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça 2020-2030-njy ýyllar üçin täze (nobatdaky) Milli strategiýany, şeýle-de 2020-2025-nji ýyllar üçin Hereketler meýilnamasyny işläp düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň