Soňky habarlar

Arhiw

Ýun Çon Su: «Bize Türkmenistanyň garşysyna kyn duşuşyk garaşýar»

21:2913.11.2019
0
4861

Ertir, Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda «Köpetdag» stadionynda geçiriljek Türkmenistan ― KHDR futbol duşuşygynyň öňýanynda, şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynda metbugat maslahaty boldy. Onda myhman toparyň baş tälimçisi, Dünýä çempionatlaryna iki gezek gatnaşan (1966, 2010) 57 ýaşly koreýaly hünärmen Ýun Çon Su žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Ol KHDR-nyň dürli ýaş toparlary boýunça ýygyndylarynda 2003-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

– Türkmenistanyň ýygyndysy bilen boljak ertirki duşuşyk hakynda siz nähili pikirde?

– Biziň Türkmenistan bilen duşuşmanymyza köp wagt boldy. Bu duşuşyk köp ýyllardan soňky ilkinji duşuşykdyr. Biz siziň ýygyndyňyzyň Liwan we beýlki ýygyndylar bilen geçiren duşuşyklaryna telewideniýe arkaly tomaşa etdik. Ertir bize kyn oýun garaşýar. Üstesine, Türkmenistan öz janköýerleriniň öňünde oýnaýar. Biz hem ertir iň ýokary derejedäki oýny orta goýmaga çalşarys.

– Statistikalar KHDR-nyň Türkmenistanyň ýygyndysy üçin ýeňmesi kyn ― çylşyrymly garşydaşdygyny görkezýär. Siz, elbetde, bu ýeňlişsiz tapgyry dowam etdirmek isleýänsiňizle!

– Biziň ilkinji maksadymyz ertir Türkmenistanyň ýygyndysynyň garşysyna öz güýjümize mynasyp oýun çykmak. Türkmen ýygyndysynyň oýny Ýewropa oýunlaryna çalymdaş. Biz garşydaşyň oýun taktikasyny gowy öwrenip, duşuşyga ykjam taýýarlandyk. Men özümizi kanagatlandyrýan netijäni alyp biljekdigimize ynanýaryn.

– Taýýarlygyňyz barada hem aýdaýsaňyz. Şikesli futbolçylaryňyz barmy?

– Phenýandaky bolan soňky duşuşykdan soňra (Koreýa Respublikasy bilen ― redaksiýanyň belligi) biz türgenleşik üçin daşary ýurtlara gitmedik. Öz ýurdumyzda türgenleşdik. Şikesli oýunçymyz ýok, olaryň ählisi duşuşyga taýýar.

– KHDR-nyň ýygyndysy «H» toparçanyň ýeňijisi bolmagy maksat edinýär diýip bilerismi?

– Hiç bir topar toparçanyň liderligi babatynda öňünden dogry çaklama öwrüp bilmez. Toparçalaýyn tapgyrdaky her bir duşuşyk biziň üçin örän möhüm. Haýsy orny eýelejekdigimiz möhüm däl, biziň üçin möhüm bolan zat indiki tapgyra geçmek. Biz munuň üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

– Siz KHDR-nyň ýygyndysyny näçe wagtdan bäri türgenleşdirip gelýärsiňiz?

– Milli ýygyndynyň baş tälimçisi bolup 2003 ― 2005-nji we 2011 ― 2014-nji ýyllar aralygynda hem işledim. Şeýle-de, KHDR-nyň ýaşlar ýygyndysyna-da tälim berdim.

– Diýmek, siz KHDR-nyň Türkmenistanyň ýygyndysyndan hiç haçan ýeňilmändigine şaýat-da!

– Hawa, Türkmenistanyň ýygyndysy bizi henize çenli ýeňmedi. Ýöne, bu ― futbol, näme boljagyny öňünden aýdyp bolmaz. Ertirki duşuşyga çynlakaý taýýarlanýarys. Hiç bir topar hem meýdana ýeňilmek üçin çykmaýar, her kim ýeňşi arzuw edýär. Netijäni bolsa duşuşyk görkezer.

– Duşuşykdan maksadyňyz ýeňişmi ýa sizi deňlik hem kanagatlandyrarmy?

– Men bu barada eýýäm aýtdym. Netije barada öňünden bir zat aýtmak kyn.

– «Ýuwentusyň» hüjümçisi Han Kwan Son ertir Türkmenistanyň garşysyna oýnarmy?

– Biz ony şu günki duşuşyklaryň netijesinde göreris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň