Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi

20:5713.11.2019
0
751

Türkiýe Respublikasynyň gür hem-de köp ilatly şäheri hasaplanýan Stambulda Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi. Bu jemgyýetiň alyp barýan işleriniň türk jemgyýetine tanyşdyrylmagy mynasybetli Stambul şäheriniň merkezinde ýerleşýän hem-de dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Bahçeşehir uniwersitetinde ilkinji çäre geçirildi.

Türkiýedäki türkmenistanlylaryň arasyndaky raýdaşlygyň, jebisligiň hem-de dostlugyň has-da berkidilmegi we pugtalandyrylmagy üçin döredilen bu jemgyýet öz agzalarynyň arasynda bilim, sport we beýleki ugurlarda köp sanly dürli çäreleri geçirmegi maksat edinýär. Türkiýäniň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplaryna talyp haky bermek, dostlukly ýurduň uniwersitetlerinde aspirantura hem-de doktorlyk ylmy işlerini alyp barýan türkmenistanly talyplaryň kongresini guramak, uniwersitetli talyplaryň arasynda makala bäsleşigi ýaly dürli çäreleri geçirmegi bu täze döredilen jemgyýet maksat edip goýýar – diýip, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi internet neşiri habar berýär.

Habarda beýan edilişine görä, bu jemgyýet diňe dürli çäreleri gurnaýan jemgyýet bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylara hukuk we beýleki ugurlarda goldaw hem-de kömek berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň