TDY we DI-de talyplara täze hünär ― sanly ykdysadyýet hünäri öwredilýär

20:4913.11.2019
0
4949

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda talyplara şu okuw ýylyndan başlap, sanly ykdysadyýet hünäri boýunça bilim berilýär. Şu ýyl bu hünäre  ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň 20-si talyplyga kabul edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu hünär  ýurdumyzyň täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýan döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde zerur hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen institutda açylan elektron täjirçiligi, elektron işewürliginiň ykdysadyýeti hünärleriniň we sanly ykdysadyýet taýýarlyk ugrunyň okuw meýilnamalaryna elektron täjirçiligi, web-programmirlemek, sanly ykdysadyýetiň esaslary, elektron işewürligi, elektron işewürliginiň ykdysadyýeti amallarynyň programma üpjünçiligi ýaly dersler we institutda hereket edýän beýleki hünärleriň, bakalawrlary, magistrleri taýýarlamagyň ugurlarynyň okuw meýilnamalaryna bolsa, sanly ykdysadyýet dersi girizildi. Bu dersleriň okuw maksatnamalary taýýarlanyldy.

Täze hünäre degişli hem-de sanly gurşawyň işjeňligini üpjün etjek maglumat tehnologiýalary boýunça ýokary başarnykly hünärmenleri taýýarlamakda institutyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek maksady bilen sanly ykdysadyýet kafedrasynyň ýanynda ýöriteleşdirilen okuw otagy döredildi. Bu okuw otagy sanly ykdysadyýeti talyplara giňişleýin öwretmäge, okuw sapaklaryny döwrebap derejede okatmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman kompýuterleri, programma üpjünçiligi, tor we multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Sanly ykdysadyýet hünärine eýe bolan uçuryma taýýarlygyň ugry boýunça ykdysadyýetiň bakalawr derejesi berilýär. Bakalawr ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, paýdarlar jemgyýetlerinde, önümçilik we hyzmat ediş kärhanalarynda, bank ulgamynda, halkara guramalarda, döwlet birleşiklerinde, birleşmelerde alan derejesine laýyklykda işlemek üçin taýýarlanýar.

Has anygy, sanly ykdysadyýet taýýarlygynyň ugry boýunça bilim alan bakalawr ykdysadyýeti dolandyrmak, sanly intellektual tehnologiýalaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň ählumumy sanly ykdysady ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny gazanmak, sanly ykdysadyýete geçmegiň we ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny seljermek hem-de kämilleşdirmek, işleriň, hyzmatlaryň görnüşlerini kesgitlemek hem-de olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak we kämilleşdirmek, sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegindäki edaralaryň, kärhanalaryň we beýlekileriň sanly ulgama birikdirilmegini ýola goýmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak, sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, maliýe-hojalyk işlerini alyp barmagyň serişdeleri, harytlaryň eksporty we importy, ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek, täjirçilik syry, maglumat goragy, işewürligi maliýeleşdirmegiň çeşmeleri, daşary söwda şertnamasy, bilelikdäki kärhanalar we bilelikdäki telekeçilik, halkara hasaplaşyklaryň görnüşleri we usullary, halkara elektron töleg ulgamlary bilen baglanyşdyrmak ýaly endikleri ele alyp, ykdysatçy, halkara ykdysatçy wezipelerde hem işläp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň