Soňky habarlar

Arhiw

«Derýaçy» ― Birinji liganyň Lebap zolagynyň ýeňijisi

20:0913.11.2019
0
776

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap welaýaty boýunça ýaryşlary tamamlandy. Sekiz toparyň gatnaşmagynda geçirilen çempionatyň ýeňijisi «Derýaçy» futbol topary boldy. Şeýlelikde, topar ähli zolaklaryň ýeňijileriniň arasynda geçiriljek jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy.

Birinji liganyň Lebap welaýaty boýunça zolagynda «Derýaçydan» başga-da, «Garagum», «Çärjew», «Miras», «Demirýolçy», «Amyderýa», «Farap» we «Türkmenabat» toparlary ýaryşdy. Iki aýlawdan ybarat bolan çempionatda her topar 14 duşuşyk geçirdi. Çempion bu duşuşyklaryň 12-sinde ýeňiş gazanyp, 2 duşuşykda garşydaşlary bilen deňme-deň oýnady. Möwsümde ýekeje duşuşykda-da ýeňilmedik «Derýaçy» 38 utuk bilen iň ýakyn garşydaşyndan ― «Garagumdan» 8 utuk tapawudy bilen zolagyň çempiony boldy. Toparyň futbolçysy Ýusup Nurmämmedow bolsa 23 pökgi bilen zolakda iň köp pökgi geçiren futbolçy boldy. Ikinji orny «Garagumdan» Batyr Täjiýew (18 pökgi) eýeledi.

Birinji liga, Lebap zolagy ― 2019

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

Top

Utuk

1.

«Derýaçy»

14

12

2

0

70:27

38

2.

«Garagum»

14

9

3

2

66:37

30

3.

«Çärjew»

14

9

2

3

51:31

29

4.

«Miras»

14

7

1

6

30:39

22

5.

«Demirýolçy»

14

5

2

7

45:51

17

6.

«Amyderýa»

14

3

2

9

31:45

11

7.

«Farap»

14

2

1

11

28:64

7

8.

«Türkmenabat»

14

2

1

11

23:50

7

Iň köp tapawutlanan futbolçylar:

1. Ýusup Nurmämmedow, «Derýaçy», 23 pökgi;

2. Batyr Täjiýew, «Garagum», 18 pökgi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň