Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň muzeý işgärleriniň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi

19:0013.11.2019
0
494

Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde “Garaşsyz Watanym rowaçlyga beslenýär” ady bilen muzeý işgärleriniň hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige welaýatdaky muzeýleriň işgärleridir hünärmenleri gatnaşyp, özleriniň hünär başarjaňlygyny görkezdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar milli gymmatlyklary, taryhy tapyndylary, şekillendiriş sungatyna degişli eserleri gorap saklamak, öwrenmek, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmek, olary wagyz etmek we milli medeni mirasymyza söýgini ösdürmekde, alyp barýan işleri, täze taryhy döwürde muzeý işiniň ösüşi, milli mirasymyza goýulýan sarpa barada gürrüň berdiler, muzeý işine degişli ylmy maglumatlara salgylanmak bilen baý taryhymyz, muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylar ýörite guralan sergä tomaşa etdiler. Bäsleşikde Tejen şäher muzeýiniň ylmy işgäri Maral Öwezowa birinji orny eýeläp, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň