«Balkanazaykda» 10 aýda 1300 tonna golaý azyklyk ýag taýýarlanyldy

18:5213.11.2019
0
1523

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Serdar şäherindäki «Balkanazyk» önümçilik birleşiginde döwrebap işler bitirilýär. Muňa bu ýerde ýylyň geçen on aýynda bitirilen işleriň mysalynda hem doly göz ýetirip bolýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçen hasabat döwründe kärhanada gaýtadan işlenen 8 müň 123 tonnadan gowrak pagta çigidinden 1 müň 259 tonna ýokary hilli azyklyk ýag taýýarlanylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Kärhananyň bölümlerinde taýýarlanýan ýokary hilli et we süýt önümlerine bolan isleg hem barha artýar: geçen hasabat döwründe söwda nokatlaryna ýaraşykly gaplara gaplanylyp, 266 tonna et we 349 tonna süýt önümleri ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň