Soňky habarlar

Arhiw

«Daşoguzsuwhojalykda» 10 aýda 150 göterim ösüş gazanyldy

18:4613.11.2019
0
525

Welaýat «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň demir-beton zawodynda öndürilýän, ýokary hil derejesi bilen aýratyn tapawutlanýan dürli möçberdäki beton gurnawlary suw gurluşygynda giňden ulanylýar. Ýylyň başyndan bäri 1500 kub metre golaý beton gurnawlary öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 150 göterimden gowrak ösüş gazanyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

 Bu ýerde öndürilýän önümler welaýatyň dürli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan suw desgalarynyň, içerki ýaplaryň köprüleriniň gurluşyklarynda has kän peýdalanylýar. Şu günler bu ýerde beton gurnawlary ýygnalan bölekleriniň, gurluşykda atlandyrylyşy ýaly, demir-beton gurnawlarynyň birnäçe görnüşi öndürilip, suw desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerlerine bökdençsiz ugradylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň