Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň maldarlary gyşky örülere geçdiler

18:3913.11.2019
0
1519

Lebap welaýatyň maldarlary Garagumda we Gyzylgumda bakylýan mallary gyş örülerine geçirdiler. Şu ýyl 400 müňe golaý dowary göwnejaý gyşlatmak üçin ätiýaçlyk otlaryň-da ýeterlik gory döredildi. Olary mallaryň gyşlajak ýerine daşamak işleri şu günler ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde alnyp barylýa ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

 Aglaba bölegi ýumşak çöl otlaryndan taýýarlanan ätiýaçlyk otlaryň bir bölegi bolsa iri şahly mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaldy. Maldarçylyk hojalyklarynyň öz girdejileriniň hasabyna ýakyndan kömek-goldaw bermegi bilen çopan-çoluklar, olaryň kömekçileri kaşarlaryň we mal ýataklaryň 138-sini doly abatladylar. Gyşyň gar-ýagyşly günlerinde hem mallar horlanmaz ýaly zerur bolan şertler döredildi. «Lebapörisuw» abatlaýyş, ulanyş edarasynyň işgärleri bolsa öri meýdanlardaky guýulary gözden geçirmek bilen, olary zerur bolan gurallar, şaýlar bilen üpjün etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň