Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Türkmenistanyň ýygyndysy KHDR-nyň garşysyna ak-ýaşyl köýnekçede çykar

13:1713.11.2019
0
4156

Şu gün paýtagtdaky «Sport» myhmanhanasynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky Türkmenistan ― Koreýa Halk Demokratik Respublikasy duşuşygynyň öňüsyrasyndaky ýygnanyşyk geçirildi. Oňa ýygyndylaryň we AFK-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda 14-nji noýabrda boljak duşuşykda toparlaryň geýjek köýnekçeleriniň reňki kesgitlenildi. Meýdana ýer eýeleri ― türkmen futbolçylary ak-ýaşyl, myhmanlar bolsa gyzyl köýnekçede çykar. Derwezewanlar gara hem-de gök-sary köýnekçe geýer.

Bu duşuşyk Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça ikinji saýlama tapgyrynyň «H» toparçasynyň çäginde geçirilýär. «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşyk ertir sagat 16:00-da başlar. Duşuşygyň petekleri stadionyň kassasynda satylýar. Petekleriň bahasy 10 manat. Stadion 26 müň tomaşaça niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň