Soňky habarlar

Arhiw

«Tekmil» kärhanasy «EXPO 2020» sergisiniň türkmen bölümini döretmäge gatnaşýar

10:5713.11.2019
0
1108

2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň aprel aýy aralygynda Dubaý (BAE) şäherinde “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris!” şygary astynda geçiriljek “EXPO 2020” Bütindünýä sergisinde türkmen bölümini döretmäge gatnaşmak “Tekmil” hususy kärhanasyna ynanyldy.

Munuň üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tekmil” hususy kärhanasy bilen Bütindünýä sergisinde milli bölümiň taslamasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem hyzmatlaryň doly toplumyny ýerine ýetirmek boýunça şertnama baglaşyldy.

Kärhananyň maksadyna görä, “Ykjamlyk” atly milli bölüm häzirki zaman gazanylanlaryň we türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlarynyň, onuň taryhy-medeni mirasynyň, ruhy esaslarynyň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň hem-de durnukly ösüşe ýetmekligiň maksatlarynyň jemlenen nusgasy bolar.

Milli bölümiň bezeginde iň täze tehnologiýalar we multimediýa enjamlary ulanylar.

“Tekmil” birnäçe ýyllardan bäri stasionar we göçme sergi diwarlyklaryny döretmek babatda döwrebap tehnologiýalary we materiallary ulanmak bilen dürli sport we medeni çäreleriň taýýarlygy we bezegi bilen meşgullanýar. Häzirki wagta çenli kärhana tarapyndan onlarça bezeg taslamalary durmuşa geçirildi. Kärhananyň hünärmenleriniň Milan şäherindäki “EXPO 2015-de”, şeýle hem “ABU TV Song Festival – 2018” teleýaýlym aýdym festiwalynyň taýýarlygynda iş tejribesi bar. Kärhana “Aşgabat 2017” oýunlarynyň we Aşgabatda geçen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň bezegine hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň