Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky elektrik bekedinde açyk tok paýlaýjy enjamlary oturtmak işleri tamamlanyp barýar

01:3013.11.2019
0
9416

Lebap döwlet elektrik bekediniň meýdançasynda Ýaponiýanyň Sumitomo Corporation we Mitsubishi Hitachi Power Systems, şeýle hem Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýalarynyň gurýan täze gaz turbinaly elektrik bekedi üçin açyk tok paýlaýjy enjamlary oturtmak işleri tamamlanyp barýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär. 

Elektrik öndürýän täze desga Ýaponiýanyň Mitsubishi Hitachi Power Systems kompaniýasynyň hersiniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan gaz turbinaly enjamlarynyň üçüsinden ybarat bolar. Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasy edara jaýyny gurar, bu ýerde dolandyryşyň awtomatik ulgamy oturdylar. Taslamany Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky maliýeleşdirýär, Türkmenistanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar banky onuň bilen karz ylalaşygyny baglaşdy. 

Kuwwatlylygy 432 megawat bolan elektrik bekedi asyryň başyndan bäri ýurtda gurlan elektrik energiýasyny öndüriji onunjy desgadyr. Olaryň jemi kuwwatlylygy 6511 megawatta barabardyr. 2021-nji işe giriziljek elektrik bekedi Türkmenistanda her ýyl elektrik energiýasynyň öndürilişini 33 milliard kilowat-sagada ýetirmekde, degişlilikde onuň eksportuny artdyrmak strategigýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň