Soňky habarlar

Arhiw

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen «Международная жизнь» žurnalynyň arasynda Ähtnama gol çekildi

23:5312.11.2019
0
3198

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. 

Habarlar ulgamynda özara hereketden başga-da, taraplar ýaş žurnalistleri okatmak maksatnamalary babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garamagy we ugurdaş çäreleri bilelikde guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. 

RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow žurnalyň Geňeşiniň başlygy, Armen Oganesýan baş redaktorydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň