Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal Kubogy çärýek finallar bilen dowam edýär

14:2412.11.2019
0
4459

Futzal boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda 1/8 finalyň duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklaryň esasy aýratynlyklarynyň biri deslapky tapgyrdan ýaryşa goşulan «Oguzhan» futzal toparynyň 1/8 finaldaky garşydaşy «Ahaly» hem 7:1 hasabynda ýeňmegidir.

1/8 finalyň duşuşyklary şu hasaplar bilen tamamlandy:

 “Talyp sport” – TNGIZT – 6:2

“Daýhanbank” – “Tejen” – 9:3

“Köpetdag” – “Gümrükçi” – 3:1

“Deňizçi” – “Serhetçi” –  7:0

 “Nesil” – “Milli goşun” – 5:1

“Senagatbank” – “Daşoguz” – 11:0

“Migrasiýa” – “Lebap” – 6:0

“Ahal” - “Oguzhan” – 1:7

Şeýlelikde, «Talyp sport», «Nesil», «Daýhanbank», «Senagatbank», «Köpetdag», «Migrasiýa», «Deňizçi» we «Oguzhan» toparlary çärýek finalda ýaryşar. Ýaryşyň çärýek final duşuşyklary şu gün geçirilýär.

 

09:00   “Talyp sport” – “Nesil”

10:30   “Daýhanbank” – “Senagatbank”

12:00   “Köpetdag” – “Migrasiýa”

13:30   “Deňizçi” – “Oguzhan”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň