Türkmen boksçulary Mongoliýada geçirilýän Aziýa çempionatyna gatnaşýarlar

14:0912.11.2019
0
966

Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçirilýän ýaşlaryň arasynda boks boýunça Aziýa çempionatyna Türkmenistanyň ýygyndysy hem gatnaşýar. 8-nji noýabrda badalga berlen yklym ýaryşy 20-nji noýabra çenli dowam eder.

Yklym çempionatyna Türkmenistandan dört türgen gatnaşýar. Has takygy, Şyhmyrat Ramanow 52, Ýunus Şamsiýew 56, Eziz Muhammetmyradow 60, Şükür Öwezow 64 kilograma çenli agram derejesinde ýurdumyza wekilçilik edýär.

Türgenlerimize Aşyrmämmet Satlykgulyýew bilen Dawutguly Geldiýew tälim berýär. Ildeşimiz Amanmyrat Sähedow bolsa yklym ýaryşyna emin bolup gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň