Soňky habarlar

Arhiw

«Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasy gazbeton bloklarynyň eksportyny artdyrýar

11:4012.11.2019
1
4396

2019-njy ýylyň soňky aýlarynyň gümrük statistikasyna görä, Türkmenistandan eksport edilýän gazbeton bloklarynyň möçberi artýar. Bu önüm esasan Özbegistana we Gazagystana iberildi. Ýylyň başyndan bäri önümiň 8 621,4  tonnasy Özbegistan Respublikasyna hem-de 3 517,2 tonnasy Gazagystan Respublikasyna eksport edildi.    Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, gazbetonyň hili, ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegi, uzak möhlet ulanylýanlygy, ygtybarlylygy, şeýle hem girdejililigi ýaly tehniki we ulanylyş sypatlary döwrebap talaplaryň ählisine laýyk gelýändigi, bu önüme bolan islegiň artmagyny düşündirýär. 

Bu ýokary hilli gazbetonlaryny ýurdumyzdaky «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasy öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Gadamtm ( 14.12.2020 )

Hormatly "Türkmenportal", bu "Ukyply Kärdeşler" HK-nyñ telefon belgilerini berip bilersiñizmi?

0