Türkmenistanyň futbol ýygyndysy «Nusaý» stadionynda türgenleşýär

10:5712.11.2019
0
10164

Dünýä çempionaty 2020-niň saýlama tapgyrlaryna taýýarlyk görýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy türgenleşik işlerini ýaýbaňlandyrdy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtymyzdaky “Sport” myhmanhanasynda düşlän milli ýygyndymyzyň türgenleşik işleri “Nusaý” stadionynda geçirilýär.

8-nji noýabrda badalga alan Ante Mişeniň tälim berýän ýygyndy toparymyzyň türgenleşikleri günde bir wagtyna geçirilýär.

Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň bäşinji tapgyrynyň çägindäki duşuşyk 14-nji noýabrda geçirilip, onda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyny topary   KHDR-iň ýygyndy toparyny kabul eder. 19-njy noýabrda bolsa Türkmenistanyň futbol boýunça milli  ýygyndy topary altynjy tapgyryň çäginde Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparyny kabul eder.

16:00-da başlanjak duşuşyklaryň ikisi-de paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň