Aşgabatda III Halkara teatr festiwaly geçiriler

23:4711.11.2019
0
8760

19 ― 23-nji noýabr aralygynda Aşgabatda III Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda dürli döwletlere wekilçilik edýän teatr toparlarynyň çykyş etmegine garaşylýar.

Aşgabatdaky Halkara teatr festiwalyna gatnaşjak toparlar:

Owganystan (Hyrat teatry);

Hindistan («Sanskaar Rang Toli» milli drama mekdebi);

Eýran («Sanaan» teatry);

Italiýa;

Gazagystan («Жастар» teatry);

Gyrgyzystan (Toktobolot Abdumominow adyndaky gyrgyz milli akademiki drama teatry);

Pakistan («Maas Foundation» teatry);

Russiýa (Brýanskiý oblastynyň gurjak teatry, Tatarystanyň «Ekiýat» döwlet gurjak teatry, Peterburgyň garaşsyz teatry);

ABŞ («Theatre simple»);

Täjigistan (Döwlet respublikan gurjak teatry);

Türkiýe (Stambul döwlet teatry);

Özbegistan (Döwlet satira teatry);

Ukraina (Kiýewiň akademiki gurjak teatry);

Estoniýa (R.A.A.A.M. teatry).

Festiwalda Türkmenistana Baş drama teatry, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry, Türkmen döwlet gurjak teatry, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry we Mollanepes adyndaky talyplar teatry wekilçilik eder.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň