Tbilisi şäherinde türkmen-gruzin gepleşikleri geçirildi

19:3511.11.2019
0
585

Şu gün – 11-nji noýabrda Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Geňeşmeler türkmen-gruzin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we işjeň ýagdaýynda geçdi. Şeýle hem diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk ulgamyny giňeltmek mümkinçiligi bolan ugurlary kesgitlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň