16 ― 17-nji noýabrda Almaty şäherinde «WESG 2019 Central Asia» atly elektron sport boýunça sebitleýin ýaryş geçiriler. «World Electronic Sports Games» halkara ýaryşynyň Merkezi Aziýa boýunça bölegine öwrüljek sebit ýaryşyna Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýygyndylary gatnaşar.
«Prosports.kz» saýtynyň habar bermegine görä, halkara ýaryş elektron sportuň «Counter-Strike:Global Offensive», «Dota 2», «StarCraft II» we «Pro Evolution Soccer 2020» görnüşleri boýunça geçiriler.
Düzgünnama görä, «Counter-Strike: Global Offensive» we «Dota 2» boýunça ilkinji iki ornuň eýeleri hem-de «StarCraft II» we «Pro Evolution Soccer 2020» ýaryşlarynyň ýeňijileri 2020-nji ýylyň 2 ― 5-nji ýanwary aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Aziýa ― Ýuwaş ummany sebiti boýunça tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.
Türkmenistanyň ýygyndysy sebitleýin ýaryşa üç görnüş boýunça gatnaşar. «Counter-Strike: Global Offensive» elektron oýny boýunça «Galkynyş», «Dota 2» boýunça «Gravity» toparlary, «PES 2020» ― futbol oýny boýunça bolsa Arif Guseýnow ýurdumyza wekilçilik eder.