Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy «Formula-1-iň» Braziliýa Gran-Prisini göni ýaýlymda görkezer

15:3611.11.2019
0
3748

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy 16 ― 17-nji noýabr günlerinde «Formula-1» tapgyrynyň iň gyzykly ýaryşlarynyň biri bolan Braziliýa Gran-Prisini göni ýaýlymda görkezmegi meýilleşdirýär. Ýaryşlar San-Paulu şäheriniň Hose-Karlos Pase (Interlagos) adyndaky awtodromynda geçiriler.

Braziliýa Gran-Prisi ilkinji gezek 1972-nji ýylda geçirildi. Ilkinji ýaryş «Formula-1» dünýä çempionatynyň tapgyrlarynyň arasyndan orun almasa-da, eýýäm ikinji gezekde ol resmi senenama girizildi. Şondan bäri Braziliýa Gran-Prisi «Formula-1-iň» iň gyzykly tapgyrlarynyň biri hökmündäki meşhurlygyny artdyrýar.

16-njy noýabrdaky ýaryşlar 21:55-de, 17-nji noýabrda bolsa 22:05-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň