Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýa birinjiliginiň saýlama tapgyryny ýeňiş bilen tamamlady

13:3111.11.2019
0
9515

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (19 ýaşa çenli) Aziýa çempionaty ― 2020-niň Katarda geçirilýän saýlama ýaryşynyň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 4:2 hasabynda ýeňip, «B» toparçada üçünji orny eýeledi.

Duşuşykda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň pökgülerini 63-nji minutda Resul Çopanow, 67-nji minutda Aly Borjakow, 78-nji minutda Şamämmet Hydyrow, 89-njy minutda Rahman Myratberdiýew geçirdi. Garşydaşlarymyz bolsa türkmen futbolçylarynyň bu gollaryna Muhammed Sajidiň 43-nji we 83-nji minutlarda geçiren iki pökgüsi bilen jogap berdi.

Biziň ildeşlerimiz bu duşuşyga çenli Aziýa çempionatyna çykmak hukugyny ýitiripdi. Türkmen futbolçylary ilkinji duşuşygynda Ýemenden 1:2, ikinjisinde bolsa Katardan 1:5 hasabynda asgyn geldiler.

Saýlama ýaryşyň ahyrky gününde Katar bilen Ýemeniň arasynda bolan duşuşyk 1;1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Kataryň ýaşlar ýygyndysy toparçanyň ýeňijisi, ýemenli futbolçylar bolsa ikinji orny eýelän iň gowy bäş ýygyndynyň biri hökmünde Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Çempionat 2020-nji ýylyň 14 ― 31-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň