Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň netijesinde Türkmenistanda Gün panelleri öndüriler

12:4011.11.2019
0
918
Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň netijesinde Türkmenistanda Gün panelleri öndüriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berlişi ýaly, Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň netijeleri boýunça hökümetara we döwletara derejesinde, hususy düzümleriň ugry boýunça resminamalaryň 37-sine gol çekildi. Şol resminamalar döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkider, hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrar.

6-njy noýabrda Milanda geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynda bolsa netijeli türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forum Italiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Milandaky işewürler maslahatynda italiýaly hyzmatdaşlar bilen täze bir ylalaşyga gol çekişen hususy taraplarymyzyň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täze Energiýa» hususy kärhanasy hem bar. Has takygy, işewürler maslahatynyň dowamynda Italiýanyň «Ecoprogetti S.R.L.» energiýanyň alternatiw çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Türkmenistandaky aýna zawodynyň öndürýän aýnalarynyň esasynda Gün panellerini öndürmegi teklip etdi. Munuň üçin kompaniýanyň wekilleri «Täze Energiýa» hususy kärhanasy bilen degişli Ylalaşyga gol çekişdi.

Ylalaşyk durmuşa geçirilip, ýakyn geljekde Türkmenistanda ilkinji Gün panelleri öndürilip başlanar. Italiýaly we türkmen hünärmenleriniň nygtamagyna görä, Türkmenistanda öndürilýän aýna önümleri olardan Gün panellerini öndürmäge doly mümkinçilik berýär. Munuň üçin Owadandepedäki zawodyň barlaghanasynda ýörite synag hem geçirildi.

Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistan iň ýakyn geljekde Gün panellerini öndürýän az sanly döwletleriň hataryna girer.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň