Arhiw

Türkmen wekiliýeti 2-nji Hytaý halkara import sergisine gatnaşýar

20:1010.11.2019
0
855

5 - 11-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý şäherinde iş sapary bilen bolup, “Täze eýýamda bilelikdäki geljek” şygary astynda geçýän 2-nji Hytaý halkara import sergisine gatnaşýar.

Sergide Türkmenistanyň pawilýonynyň umumy meýdany 136 inedördül metre deň bolup, onda milli önümler görkezildi. Serginiň çäklerinde sergä önümini çykaran türkmenistanly telekeçiler üçin geljekde hyzmatdaş bolup biljek hytaý kärdeşleri bilen duşuşyklar guraldy.

Sergide dünýäniň 150 ýurdundan 3 müňden gowrak kompaniýa 360 müň inedördül metr meýdanda öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär. Şunuň bilen bir wagtda 64 ýurt milli pawilýonlary bilen gatnaşýar. Sergi Bütindünýä söwda guramasynyň ýardamy bilen Hytaýyň söwda ministrligi we Şanhaýyň ýerli häkimiýeti tarapyndan guraldy. Sergide dürli ýurtlaryň söwda, senagat we maýa goýum mümkinçilikleri babatda soňky gazananlary hödürlenýär. Bu ýerde iri maýadarlar we söwda hyzmatdaşlary hytaý bazarynyň dürli ugurlar boýunça hödürleýän mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Bu ýyl Hytaýyň pawilýony ýurduň soňky ýyllarda gazanan sosial-ykdysady gazananlaryna bagyşlanypdyr. Maglumatlara görä, Hytaý ýakyn bäş ýylda bahasy 10 trillion dollardan gowrak harytlary we hyzmatlary import eder. Şanhaýyň geçen ýylky birinji import sergisinde 57 milliard dollardan gowrak bahasy bolan şertnamalara gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň