Türkmenistanyň Prezidenti bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:5709.11.2019
0
5857

Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi ― diýip, TDH habar berýär.

Ir ertir bilen köp sanly dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň eteginde ýygnandylar. Az salymdan bu ýere Türkmenistanyň Prezidenti hem geldi.

Dabara çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, şol sanda BMG-niň düzümine girýän edaralaryň wekilleri bar.

Bu ýerde guralan söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz olara ýurdumyzda geçirilýän ähli şanly çärelere işjeň gatnaşýandyklary, dünýäniň beýleki döwletleri we özleriniň Türkmenistanda wekilçilik edýän abraýly düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge, sebit hem-de halkara derejedäki ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagyna goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti arça agajynyň (Juniperus turconanica — türkmen arçasy) ýaş nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Bu ýere ýygnananlar agzybirlik bilen döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerdiler. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini baýlaşdyrýan dabara gatnaşdylar.

Tutuş ýurdumyz boýunça şu gezek geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda dürli agaç nahallarynyň 473 müň 126-sy ekildi. Mundan başga-da, uly meýdanlarda ozal ekilen, boý alyp, gol ýaýradan agaçlara ideg etmek boýunça işler geçirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň