Soňky habarlar

Arhiw

«Haldor Topsoe» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşar

20:5709.11.2019
0
930

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek, nebit we gazhimiýa önümleriniň önümçilik möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary hakynda habar berildi ― diýip, TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, bu kompaniýa ýurdumyzda nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmakda, önümçilige öňdebaryjy usullary, innowasiýalary, tehnologiýalary ornaşdyrmakda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky 
Ähtnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, dünýäniň dürli döwletleri we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Ýurdumyz däp boýunça gatnaşyklary özara peýdaly we ikitaraplaýyn gyzyklanmalar esasynda ýola goýýar. Şonuň bilen baglylykda, milletiň Lideri tebigy gazy we beýleki tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleriň utgaşykly esasda dowam etdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, öňdebaryjy tejribä, tehniki hem-de tehnologik mümkinçiliklere eýe bolan iri nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň