Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri pomidoryň täze sortuny synag edýärler

20:4809.11.2019
0
1122

Telekeçi Ruslan Abdullaýewiň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çägindäki ýyladyşhanasynda ýylyň dört paslynda hem ilatymyzy ter pomidor bilen üpjün etmekde tutanýerli işler alnyp barylýar. Bu ýyladyşhana toplumynda şu ýyl pomidoryň täze bir görnüşi synag edildi. Tohumy Ispaniýadan getirilen bu görnüş «altes» diýlip atlandyrylýar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

― Şu ýylyň 22-nji awgustynda 1.1 gektarlyk meýdana «altesiň» 27 müň düýbüni oturtdyk. Bu görnüşiň esasy aýratynlygy miwesiniň suwly bolýanlygydyr. Bol suwlulyk bolsa pomidoryň esasy aýratynlyklarynyň biri. Oturdylan nahallar 80 ― 90 günde hasyl berip başlaýar. Ýyladyşhanada suwarmak, dökün bermek işleri awtomatiki usullarda alnyp barylýar. Pomidor nahallarynyň güllerini tozanlandyrmak üçin ýörite daşary döwletden getirilen «bambus» arylary hem bar. Her ary maşgalasynda 40 ― 45 sany ary bolup, olaryň ömri 40 güne deň — diýip, telekeçi bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berýär.

Noýabrda hem tomus mährini paýlap duran ýyladyşhananyň içi gündizine 16, gijesine 23 gradus ýylylykda saklanylýar. Ýyladyşhanada 20-ä golaý işgär bolup, işler bir çalşykda alnyp barylýar. Ýetişdirilen pomidorlaryň hasylyny içki, şeýle-de esli bölegini daşky bazarlara eksport etmek maksat edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň