Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary we orta mekdeplerinde italýan dili öwrenilip başlar

15:5909.11.2019
0
1589

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrdaky giňişleýin mejlisinde hem aýdylyşy ýaly, ýakynda Italiýa bolan resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de ýurdumyzyň orta mekdeplerinde italýan dilini öwrenmek baradaky teklibi öňe sürdi. Saparyň barşynda gol çekilen degişli resminamalaryň birnäçesi ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmelidir.

Dünýä dillerine ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebinde häzir ýaşlara dilleriň onlarçasy öwredilýär. Italýan dili hem ýakyn geljekde bu dilleriň hataryna goşular. Ýeri gelende aýtsak, iňlis we rus dillerinden daşary başga-da käbir dünýä dillerini öwretmek Türkmenistanyň orta mekdeplerinde hem üstünlikli ýola goýuldy. Bu gün orta mekdeplerde öwredilýän dilleriň hataryna ýapon, hytaý, arap, pars, fransuz dilleri girýär. Döwlet Baştutanynyň teklibi bilen bu daşary ýurt dilleriniň hataryna ýakyn geljekde italýan dili hem girer.

«Wikipedia» erkin ensiklopdiýasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ýer ýüzünde 65 milliona golaý adam italýan dilinde gürleşýär. Italiýadan başda Horwatiýa, San Marino, Sloweniýa, Şweýsariýa we Watikanda italýan dili resmi dildir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň