Arhiw

Aşgabatda «SPEKA günleri» geçiriler

01:1609.11.2019
0
12393

Türkmenistanyň SPEKA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 18 – 21-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejedäki halkara çäreleri («SPEKA günleri») geçiriler. Bu barda 8-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentine beren hasabatynda belläp geçdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (SPEKA) durmuşa geçirmäge bagyşlanan ýokary derejeli halkara çäreler ýurduň daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda bilelikdäki maksatnamalara we taslamalara möhüm orun degişlidir.

Şolaryň hatarynda SPEKA maksatnamasyny aýratyn görkezmek bolar. Bu maksatnama 21 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary, Azerbaýjan, Owganystan hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde netijeli amala aşyrylýar.

Geçiriljek çäreleriň hatarynda SPEKA maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň söwda syýasaty boýunça forumy, SPEKA maksatnamasynyň durnukly ulag we söwda boýunça iş toparlarynyň mejlisleri hem-de «SPEKA — 2019» ykdysady forumy bar. Şol forumyň netijeleri boýunça «Aşgabat başlangyjy» atly resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.  21-nji noýabrda SPEKA maksatnamasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 14-nji mejlisi geçiriler.

Bu çäreleriň dowamynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen  BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen bilelikde degişli işler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň