Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary gowşuryldy

23:2308.11.2019
0
4020

8-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda» Permanyna laýyklykda, sylaglary gowşurmak dabarasy boldy – diýip, TDH ýazýar.

Biziň ildeşlerimiz ordenlere we medallara Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygymyzy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, has kämil tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni önümçilige ornaşdyrmakda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli mynasyp boldular.

Sylaglara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidentine özleriniň zähmetine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we mundan beýläk-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň bähbidine güýç-gaýratlaryny, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň