Lebap welaýatynyň pagtaçylary döwlet borçnamasyny amal etdiler

22:1008.11.2019
0
5407

Şu gün Amyderýa jülgesiniň pagtaçylary döwlete pagta satmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar taýýarlaýyş nokatlaryna ýokary hilli “ak altynyň” 300 müň tonna golaýyny tabşyrdylar, munuň özi 120 müň gektar meýdana ekilen gowaçanyň ýokary hasyl berendigini alamatlandyrýar ― diýip, TDH habar berýär.

Darganata, Saýat we Halaç etraplarynyň oba zähmetkeşleri welaýatda 
ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Kabul ediş nokatlaryna 57 müň tonnadan gowrak pagta tabşyran Çärjew etrabynyň, 55 müň tonna pagta tabşyran Halaç etrabynyň hem-de 50 müň tonna golaý «ak altyn» tabşyran Saýat etrabynyň ekerançylary bu üstünlige uly goşant goşdular.

Bu etraplar Amyderýa jülgesiniň iri pagtaçylyk sebitleridir. Pagta ýygym möwsümine gatnaşyjylaryň ählisiniň zähmeti ýokary derejede guramaklary ýetişdirilen hasyly gysga möhletlerde ýygnap almaga mümkinçilik berdi.

Pagtaçy kärendeçileriň aglabasy her gektar ýerden 45 — 50 we ondan hem köp sentner «ak altyn» alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny 1,5 — 2 esse artyk ýerine ýetirdiler. Sebitiň öňdebaryjy daýhan birleşikleri şu ýylky möwsümi döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirmek bilen jemledi.

Mysal üçin, Darganata etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň pagtaçylary bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny 25 göterim artyk berjaý etdiler. Saýat etrabynyň «Bereket», Kerki etrabynyň O.Söhbetow adyndaky, Halaç etrabynyň S.Nyýazow adyndaky, Köýtendag etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşikleriniň ekerançylary we köp sanly beýleki hojalyklar pagta ýygymynda ýokary sepgitleri eýelediler.

Şu günler Lebap welaýatynda bar bolan pagtany gaýtadan işleýän kärhanalarynyň 11-si hem gije-gündizleýin tertipde işläp, täze hasyly gaýtadan işleýärler, ähli pagta egirme we dokma fabrikleri pagtadan taýýar önümleri öndürýärler.

Şu gün Lebap welaýatynyň pagtaçylary uly zähmet üstünligini toýlaýarlar. Dabaranyň çäklerinde pagta ýygymynyň barşynda öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegine öz goşandyny goşan pudagyň öňdebaryjylaryny, kärendeçileri, mehanizatorlary, kombaýnçylary, sürüjileri we beýlekileri sylaglamak çäresi geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň